Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi binasynda Ýuriý Gagarinyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Kosmonawtika güni mynasybetli guralan çäre diplomatlary, jemgyýetçilik işgärleri, alymlary we okuwçylary birleşdirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin myhmanlara ýüzlenip, adamyň kosmosa ilkinji uçuşynyň 65 ýyllygynyň ähmiýetini nygtady. Bellenişi ýaly, älem giňişligini öwrenmek dünýä ylmyna uly itergi berdi, häzirki wagtda bolsa Russiýa bilen Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hakyky mümkinçiliklere eýedir.

«Kosmos pudagynda Aşgabat bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň uly geljegi bar. Biz hemralary öndürmekde we uçurmakda, nawigasiýa tehnologiýalarynda, dürli ylmy-barlag işlerini geçirmekdäki hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Mundan başga-da, eger Türkmenistan gyzyklanma bildirse, Russiýanyň hem türkmen kosmonawtyny uçuşa taýýarlap biljekdigine ynanýaryn» diýip, diplomat aýtdy.

Aýratyn üns Türkmenabat şäherinde doglan, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Ýuriý Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň direktory Oleg Kononenko berildi. Onuň kosmosa altynjy uçuşy şu güýzde meýilleşdirilýär. Kononenko orbitada iň uzak wagtlap – 1110 gün bolup, dünýä rekordyny goýdy.

Çäräniň iň täsirli pursatlarynyň biri hem Daniýel atly okuwçynyň öz eli bilen taýýarlan skafandr geýip gelmegi boldy. Ony gören ilçi Iwan Wolynkin çagalyk ýyllary barada gürrüň berdi.

«Çagalygymda kakamyň maňa kosmonawt lybasyny tikip berşi ýadyma düşdi. Şol wagt mümkinçilikler başgaçady, şonuň üçin ol bu meselä başgaça çemeleşdi. Kakam dükandan globusy satyn alyp, ony mämişi reňke boýady we maňa mämişi penjek tikdi – şol wagt kosmonawtlar şeýle geýinýärdiler. Bu ajaýyp mekdep okuwçysyny göremde çagalykdaky ýakymly ýatlamalar ýadyma düşdi. Ýuriý Gagariniň kosmosa uçuşyndan soň, köp oglanlar hakykatdanam kosmonawt bolmak isleýärdiler. Kosmonawtlar iň batyr, iň akylly, iň zehinli we iň başarjaň adamlar hasaplanýardy» diýip, Iwan Wolynkin aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň ilçisi Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna berk jan saglyk, ylham we Älem ýaly çäksiz bagt arzuw etdi.