Ï Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň jemi jemlendi

view-icon 149
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça geçirilen onlaýn ders bäsleşiginiň jemi jemlendi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.

Umumy netijelere görä, gatnaşyjylar 26 sany baýrakly orny: 5 sany birinji orun, 9 sany ikinji orun we 12 sany üçünji orunlary eýelediler.

Birinji orna mynasyp bolan bäşlige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Döwran Akmyradow we Yslam Şamadow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan Arslan Baýramow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Emir Merdanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden Begenç Baýrammyradow girdiler.

Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Şeýle-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary ilkinji orunlara mynasyp bolanlaryň arasynda ýer aldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy.

Bäsleşik has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň nazaryýet bilimlerini hem-de amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, olaryň aň we hünär taýdan ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmek, döwrebap ylmy we amaly IT-meselelerini derňew edip bilýän we ussat çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirildi.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň ders boýunça ýokary derejeli taýynlygyny, ýaşlaryň sanly ulgamdan we innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýändigini görkezdi.