Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze kitaplar çap edildi.
6-njy synp okuwçylar üçin «Pars dili (ikinji daşary ýurt dili)» okuw kitaby B.Annanyýazowa, B.Akmämmedowa we A.Aşyrowa tarapyndan taýýarlanyldy.
Kitap bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Onda geçilenleri gaýtalamak üçin bölümler hem-de grammatika, leksika, şeýle hem «Maşgala», «Mekdep», «Pasyllar», «Hünärler», «Sanlar», «Gepleşikler» ýaly temalary we beýlekileri öwrenmäge bagyşlanan täze bölümler ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem neşirde okamak üçin goşmaça tekstler, sözlük hem-de owadan suratlar ýerleşdirilip, olar sapaklary has netijeli we gyzykly edýär. Täze kitap okuwçylaryň okamak, ýazmak, pars dilinde geplemek başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem olaryň pars dilli döwletleriň medeniýeti hem-de däp-dessurlary baradaky bilimlerini giňeltmäge ýardam eder.
«Biologiýa (Ösümlikler, bakteriýalar, kömelekler, lişaýnikler)» dersinden beýleki täze okuw kitaby tebigy ylymlary çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 7-nji synp okuwçylary üçin niýetlenilendir. Okuw kitabyny M.Akyýewa, P.Kepbanow, B.Annadurdyýewa, O.Rejebalyýewa hem-de Ý.Atajanow dagylar taýýarlady.
Kitap 8 tematiki bölümler boýunça bölünen okuw temalaryň 88-sini özünde jemleýär. Bölümler ösümlikleriň ýaşaýşynyň esasy ýagdaýlaryndan, gül ösümlikleriniň köpdürlüliginden, oba hojalyk ekinlerinden, Türkmenistanyň peýdaly ösümliklerinden, Ýer ýüzünde ösümlik dünýäsiniň ösüşinden, bakteriýalardan, kömeleklerden, lişaýniklerden ybaratdyr. Temalaryň hersiniň ýanyndan soraglar we amaly ýumuşlar berilýär.
Kitap biologiýa, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda okuwçylaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ol mekdep okuwçylaryna tebigatda ösümlikleriň eýeleýän ornuna, olaryň ösüş aýratynlyklaryna, şeýle hem daşky gurşawyň hem-de adamlaryň alyp barýan işleriniň ösümlik dünýäsine ýetirýän täsirine has oňat düşünmäge kömek eder.