S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günine we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşigini geçirer.
Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.
DÖM-i durmuşa geçirmek babatda ýaş alymlaryň eýeleýän ornuny we alyp barýan işlerini beýan etmäge gönükdirilen bäsleşik açlygy ýok etmek, arassa suw we zyýansyzlandyryş, elýeter we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, deňiz ekoulgamyny gorap saklamak, gurak topraklaryň ekoulgamyny gorap saklamak diýen 6 möhüm ugry özünde jemleýär.
Gatnaşyjylara 6 ugruň biri boýunça ylmy işleri görkezmek teklip edilýär. Bäsleşik 2 tapgyrda türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilýär.
I saýlama tapgyrda awtorlar ýa-da iki sany bilelikdäki awtorlar 10-njy maýa çenli öz ylmy taslamalaryny merkezi guramaçylyk toparynyň science.tm2024@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.
Kabul edilen işlere eminler tarapyndan garalar we seljerme berler, olaryň iň gowulary bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmagy üçin saýlanyp alnar. II tapgyra geçen ylmy-taslama işleriň sanawy 20-nji maýda ýokary okuw mekdebiň tohu.edu.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň II esasy tapgyry 1 – 5-nji iýun aralygynda geçiriler. Onuň çäklerinde talyplar merkezi guramaçylyk toparynyň öňünde onlaýn görnüşde ylmy taslamalarynyň tanyşdyrmasy bilen çykyş ederler.
Ylmy işlere wajyplygy, täzeçilligi we ylmylygy, beýan edilişinde yzygiderligi, beýan etmegiň takyklygy we düşnükliligi, amala aşyrmagyň mümkinçiligi we bahasy, taýýarlygyň hili we taslamanyň gutarnyklylygy boýunça baha beriler.
Bäsleşigiň netijeleri ylmy işlere baha bermegiň ähli görkezijileri boýunça toplanan utuklaryň esasynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň I, II we III derejeli diplomlary hem-de sowgatlary gowşurylar.
Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar uniwersitetiň saýtynda «Halkara bäsleşik – 2026» bölümde ýerleşdirilendir.
Bäsleşigiň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, ýaş alymlaryň arasynda öňdebaryjy ylmy tejribeler alyşmaga, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Şonuň bilen birlikde çäre azyk howpsuzlygy we ekologiýa ulgamyndaky möhüm ählumumy wezipelerine ýaş nesilleriň ünsüni çekmegi, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.