23-nji aprel ̶ 2-nji maý aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar.
Saparyň maksady tejribe alyşmak, öňdebaryjy bilim tehnologiýalary hem-de häzirki zaman tejribehana ulgamlary bilen tanyşmakdan ybarat boldy. Saparyň esasy wezipesi öňdebaryjy öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň mümkinçiliklerini hem-de olaryň netijeli ulanylyş ýörelgelerini öwrenmek bilen geljekde bu enjamlaryň nusgalaryny institutyň gurulýan täze binalar toplumynda ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti birnäçe pudaklaýyn kärhanalara, şeýle hem dostlukly ýurduň Şandun we Pekin mugallymçylyk uniwersitetlerine baryp gördi. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri häzirki zaman bilim çemeleşmeleri bilen içgin tanyşdylar we öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrendiler. Bu bolsa institutyň ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin mümkinçilikleri giňelder.
Iş sapary sanly bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde we ony täze hil derejesine çykarmakda möhüm ädim boldy. Saparyň netijeleri ýokary okuw mekdebiniň täze bilim gurşawynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşar.