Ï Türkmenistanly alymlaryň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly alymlaryň üstünligi

view-icon 128
Türkmenistanly alymlaryň üstünligi
Türkmenistanly alymlaryň üstünligi
Türkmenistanly alymlaryň üstünligi
Türkmenistanly alymlaryň üstünligi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Indoneziýanyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde 17 – 19-njy aprel aralygynda geçirilen II Bütindünýä durnukly ösüş innowasiýalarynyň halkara bäsleşiginde (Global Sustainable Innovation Competition – GSIC 2026) üstünlikli çykyş etdiler.

Abraýly halkara ylmy bäsleşige 12 ýurtdan ýaş alymlar, mugallymlar, hünärmenler gatnaşdy.

Biziň ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow, ykdysadyýet we oba hojalygy dolandyryş hünäriniň magistraturasynyň 1-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalyk) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Batyr Hudaýberdiýew dagylar gatnaşdy.

Milli topar «Taslama we gurak serhetler üçin gün distillýasiýasynyň awtonom ulgamyny optimizasiýalaşdyrmak» atly ylmy taslamasy bilen çykyş etdi. Daşky gurşawy goramak meselesi boýunça ýerine ýetirilen bu ylmy işe halkara bäsleşigiň eminleri ýokary baha berdiler.

Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymynyň ýolbaşçylygynda «Aral deňziniň ekologik meselelerini çözmegiň ýollary» atly derňew taslamasy bilen çykyş eden Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary aýratyn tapawutlandylar. Türkmen alymlarynyň taslamasy innowasiýalylygy we amaly ähmiýeti boýunça halkara bilermenler we emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Halkara bäsleşigiň netijelerine görä Türkmenistanyň oba hojalyk we lukmançylyk uniwersitetlerini öňe çykaran iki toparymyz hem ikinji orny eýelediler we ýeňijilere diplomlar hem-de kümüş medallar gowşuryldy.

Giň bäsdeşlik esasynda geçirilen bu ýokary derejeli halkara bäsleşikde türkmen ýaş alymlarynyň ýeten üstünligi ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösüşiniň, ylmy işewürlige döwlet derejesinde berilýän dowamly goldawyň netijeleriniň, ýaşlaryň başlangyçlarynyň, olaryň innowasiýa, ylmy barlaglara we bejeriş işlerine bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr.