Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlary: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.
Ýokary okuw mekdep foruma gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň professorlaryny, mugallymlaryny, alymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny, magistrantlaryny, doktorantlaryny, ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada howanyň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw ulgamynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» atly taslamasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini çagyrýar.
Maslahat 4 – 5-nji iýunda onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde umumy plenar mejlisiniň hem-de bölümçe mejlisiniň dördüsiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär:
I. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman biliminiň we ylmynyň gazananlarynyň orny.
II. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw serişdelerini goramagyň häzirki zaman meseleleri.
III. Tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmagyň innowasion usullary.
IV. Bioköpdürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we olaryň amaly ähmiýeti.
Maslahatyň netijeleri boýunça çykyşlaryň elektron ýygyndysynyň neşir edilmegi meýilleşdirilýär.
Çärä gatnaşmak isleýänler 23-nji maýa çenli guramaçylyk toparyna çykyşlaryň mazmunyny, synlary hem-de bellige alyş anketasyny tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.
Gatnaşjaklar üçin giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilendir, şeýle hem (+99312) 94-67-37 (3173), +99365 50-31-65 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.
Maslahat howanyň üýtgemegi we antropogen täsirler bilen baglanyşykly häzirki zaman ekologik meseleleri, ekologiýa bilimine bolan çemeleşmeleri çuňňur seljermek, şeýle hem täze okuw meýilnamalaryny we okuwlary döretmek, okatmak üçin interaktiw gurallary we platformalary işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.
Geçiriljek forum ekologik barlaglar we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.