Ï Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

view-icon 134
Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

17 – 21-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda Londonda iş saparynda bolup, Bütindünýä bilim forumyna (Education World Forum 2026) gatnaşýar.

Bu forum bilim syýasaty, sanly özgertmeler, adam maýasyny ösdürmek hem-de bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara meýdançalarynyň biri bolup durýar.

Forumyň ilkinji çäreleri «Park Plaza London Westminster Bridge» myhmanhanasynda geçirildi. Şol ýerde ministrlik başlangyçlary we bilermenleriň maslahatlary guraldy. Ýokary derejeli sessiýanyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýurdumyzda howa durnuklylygy we ekologiýa bilimi ýörelgelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Soňra wekiliýetiň agzalary Patyşa Ýelizaweta II adyndaky maslahatlar merkeziniň binasynda geçirilýän ýöriteleşdirilen maslahata gatnaşdylar. Maslahatda giň gerimli sanly özgertmeler, bilimde öňdeligi ösdürmek, mugallym we IT hünärmenlerini taýýarlamak, şeýle hem durnukly sanly bilim gurşawyny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň dowamynda türkmen tarapy bilimiň hiliniň we ylmy işleriň ösüşini görkezýän netijeleri hödürledi. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleri üçin 80-den gowrak görkezijini öz içine alýan dolandyryş KPI ulgamy ornaşdyryldy, ylmy neşirleriň we olaryň ulanylmagynyň derejesi ýokarlandy, ylmy barlaglaryň täjirleşdiriliş merkezleri ösdürildi hem-de maglumatlara esaslanýan dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berýän sanly platformalar giňeldildi. Şeýle-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» düzgünleri we «Geljegiň hünärleriniň atlasy» bilen tanyşdyryldy.

Forumyň çäklerinde birnäçe netijeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. «Classera» kompaniýasynyň wekilleri bilen bilim portfeli, emeli aň esasynda işleýän sanly çözgütler, seljeriş gurallary hem-de şahsy okuw ugurlaryny döretmek üçin bilim maglumatlaryny birleşdirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy milli sanly çözgütleriň, şol sanda e-Mekdep platformasynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Taraplar seljeriş, şahsylaşdyrylan okuw we mugallymlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň kiçi göwrümli synag görnüşini durmuşa geçirmegi öwrenmek boýunça ylalaşdylar.

«ClassLink» kompaniýasynyň wekilleri bilen bilim maglumatlaryny birleşdirmek, sanly serişdeleri dolandyrmaga elýeterlilik, bilim platformalarynyň ulanyş seljermesi we mekdepler hem-de bilimi dolandyryş edaralary üçin dolandyryş panellerini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle çemeleşmeleriň Türkmenistanyň sanly bilim infrastrukturasyny ösdürmek hem-de dolandyryş çözgütleriniň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen sazlaşýandygy bellenildi.

«Times Higher Education» kompaniýasy bilen geçirilen duşuşykda uniwersitetleriň halkara görkezijileri, baha beriş usullary, türkmen ýokary okuw mekdepleri barada ygtybarly maglumatlary hödürlemek hem-de olaryň halkara derejesindäki görnükliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Times Higher Education» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň ýokary bilimi ösdürmek, ylmy işleri ýokarlandyrmak we KPI ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem bir synag ýokary okuw mekdebini saýlap, onuň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de onuň has abraýly ählumumy reýtinglere gatnaşmagyny yzygiderli ilerletmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy.

«Pearson» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly we hünär başarnyklary boýunça halkara sertifikasiýanyň talyplaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de sertifikasiýa merkezlerini döretmek we halkara derejesinde ykrar edilýän hünär derejelerini ornaşdyrmak hem-de ýokary hünär synaglaryna we sertifikasiýa maksatnamalaryna elýeterliligiň durnukly nusgasyny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Educational Testing Service» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda taraplar bilim ölçegleri, standartlaşdyrylan synaglar, okuw netijelerini aç-açan bahalandyrmak hem-de testologiýa we psihometriýa boýunça hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda halkara tejribe barada pikir alyşdylar.

Project Management Institute (Taslama dolandyryş instituty) bilen geçirilen gepleşiklerde bilim ulgamynda taslama dolandyryşyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bilim özgertmelerini we sanly taslamalary dolandyrmak boýunça tanyşdyryş seminaryny geçirmek mümkinçiligi teklip edildi.

«Matific» kompaniýasynyň wekilleri bilen matematikany okatmakda emeli aňy ulanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Emeli aňyň şahsy repetitor hökmünde çykyş edip, okuwçylara materialy öz tizliginde özleşdirmäge kömek bermegi hem-de mugallymlara okuwçylaryň ösüşi, kynçylyklary we okuw zerurlyklary baradaky maglumatlary hödürlemegi aýratyn gyzyklanma döretdi. Taraplar okuwçylaryň matematika taýýarlygyny anyklamak we goldamak boýunça kiçi synag taslamasyny işe girizmek mümkinçiligi barada maslahatlaşdylar.

British Council (Britaniýa Geňeşi) bilen geçirilen duşuşyklarda AELLCA taslamasynyň netijeleri we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy taslamanyň çäklerinde iňlis dili mugallymlarynyň we usulyýetçileriniň häzirki zaman okuw çemeleşmeleri bilen tanyşmagyna döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem AELLCA-nyň mümkinçilikleriniň Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda mugallymlary taýýarlamak, okatmagyň usullary, IELTS, akademiki maksatlar üçin iňlis dili we inklýuziw çemeleşmeleri ösdürmek babatda giň hyzmatdaşlyk üçin çaltlandyryjy hökmünde ulanylyp bilinjekdigi nygtaldy.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Beýik Britaniýanyň bilim boýunça döwlet sekretary we zenanlar hem-de deňlik meseleleri boýunça ministri Brijit Fillipson bilen duşuşdy. Gepleşikde türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ugurdaş çärelerde, bilermenleriň maslahatlarynda we ikitaraplaýyn duşuşyklarda gatnaşmagyny dowam etdirip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hödürledi.

Türkmenistanyň «Education World Forum 2026» forumyna gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, bilim ulgamyny dolandyrmakda sanly we seljeriş gurallary ösdürmäge hem-de bäsdeşlige ukyply adam maýasyny taýýarlamagyň häzirki zaman çemeleşmelerini ilerletmäge ýardam berýär.