Ï Bilimli nesiller ─ Watanyň daýanjy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimli nesiller ─ Watanyň daýanjy

view-icon 76
Bilimli nesiller ─ Watanyň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan giň göwrümli özgertmelere Mary welaýatynyň bilim işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Watanymyzyň geljegi bolan bu günki ýaş nesliň bilim we hünär derejesiniň kämilligi ýurt ösüşiniň kepilliginiň ilkinji başlangyçlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup ulanyşa berilýän bilim ojaklary iň kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlarydyr okuw esbaplary bilen üpjün edilip, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermäge mümkinçilik berýär. Welaýatda 403 sany umumy bilim berýän orta mekdep hereket edýär. 2025 – 2026-njy okuw ýyly ahyrlap «Soňky jaň» dabaralarynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna barýan döwletimizi mundan beýläk hem ösdürmekde öz mynasyp goşandyny goşjak ýaşlaryň 25 müňden gowragy şu okuw ýylynda Mary welaýatynyň orta mekdeplerini tamamlarlar. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleriniň habar bermegine görä 2025 – 2026-njy okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylary we mugallymlarynyň gazanan üstünlikleri bellemäge mynasyp.

Şu okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen dürli ders bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandylar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet derejesindäki tapgyrynda welaýatyň mekdep okuwçylary 104 baýrakly orna mynasyp bolup, Mary welaýaty birinji oruny eýeledi. Robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 4 sany baýrakly orun aldylar. Taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 18 okuwçy baýrakly orunlara, 12 okuwçy Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Mundan daşary hem Russiýa Federasiýasynda, Fransiýa, Gazagystan döwletlerinde we Arkadag şäherinde geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde welaýatyň mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip medallara we diplomlara mynasyp bolmagy başardylar.

25-nji maý güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da orta mekdeplerde bagtyýar ýaşlaryň ýatdan çykmajak günleri bolan «Soňky jaň» dabarasy bellenilip geçiler. «Soňky jaň» we Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan dabaralaryň gabat gelmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolup, geçiriljek çäreleriň şowhunyny has-da artdyrar. Okuwçylar üçin soňky jaň kakylyp, uçurymlara durmuşda ak ýol arzuw ediler. 2025 – 2026-njy okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gazanan üstünlikleri hakynda bellenilip, welaýat, ýurt, halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.