Ï Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar

view-icon 102
Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar
Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar
Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar
Ahalteke bedewleriniň lowurdysynyň syryny türkmen biotehnologlary açdylar

Ahalteke bedewleriniň edil metal ýaly lowurdaýan täsin öwüşgini bütin dünýäniň bedew janköýerlerini hemişe haýran galdyryp gelýär, ýöne asyrlar boýy adamlar bu aýratynlyga diňe göz çeni bilen baha beripdirler. Türkmen alymlary bu tebigy syryň düýp manysyny doly anyklap, täsin beden gurluş aýratynlygyny akademiki ylmyň takyk diline geçirdiler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri meşhur öwüşginiň tötänleýin ýüze çykan aýratynlyk bolman, eýsem, gyl gurluşynyň bölekleriniň özara sazlaşygynyň (sinergiýasynyň) fiziki-himiki netijesidigini subut etdiler. Şöhläni döwýän we yza gaýtaryp güýçlendirýän «biologik linza» ýaly optiki täsire gyl gurluşynyň ölçäp bolýan üç sany biohimiki bölegi: keratin matriksy, lipid toplumy we mikroelementleriň takyk kesgitlenen balansy jogap berýär.

Bu innowasion usul lipidleriň ekstraksiýasyny, beloklaryň gidrolizini we minerallaryň atom-absorbsion spektrometriýasyny öz içine alýan integral çemeleşmä esaslanýar.

Keratin belogynyň ýokary derejesi hem-de esasy aminokislotalaryň (lizin we alanin) konsentrasiýasy gyl fibrillarynyň dykyzlygyny we kutikulanyň tekizligini üpjün edýändigi eksperimental taýdan subut edildi. Lipid toplumy şöhläni yza gaýtarýan zerur buferi döredýär, sink we misiň konsentrasiýasy bolsa pigmentasiýanyň ýokary derejeliligini hem-de gyl üstüniň şöhläni yza gaýtaryş ukybyny kesgitleýän kofaktor bolup hyzmat edýär.

Altyn Rahmanowa, Durdymurat Gadamow we Töre Garlyýew dagylardan ybarat bolan alymlar toparynyň işläp taýýarlan «Ahalteke atlaryň gyllarynyň fenotipiki lowurdysynyň determinantlaryna ulgamlaýyn-toplumlaýyn biohimiki baha bermegiň usuly» üçin eýýäm resmi taýdan awtorlyk hukugy alyndy we patenti almak üçin arza hasaba alyndy.

Barlaglaryň dowamynda alymlar ilkinji gezek ahalteke atlarynyň bäş sany esasy arassa ganly reňkleri üçin aýratyn sanly biohimiki profilleri kesgitlediler. Olar: «Polat», «Kümüşsöw», «Çuňňur», «Altyn çaýylan» we «Merjen» reňkleridir. Bu bolsa subýektiw wizual ekspertizanyň ornyny doly laboratoriýa görkezijiler bilen çalşyp, atçylyk gözden geçirilişlerinde we sergilerinde tohum bedewlere baha berilýän wagty adam faktoryny aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Diňe käbir aýratyn reňkleriň genlerini öwrenýän daşary ýurt synaglaryndan tapawutlylykda, türkmen alymlarynyň usulyýeti gyl gurluşynyň bütin fiziki-himiki ulgamyna toplumlaýyn baha berýär.

Işlenip taýýarlanan durnukly görkezijiler atçylyk seçgidäki ähmiýetinden başga-da, weterinariýada we zootehniýada göni amaly goşantdyr. Olar diňe bir atyň genetiki mümkinçiliklerini görkezmän, eýsem, onuň iýmitlendirilişiniň we saklanyş şertleriniň hünär derejesine baha berýän obýektiw marker bolup hyzmat edýär. Bu bolsa hünärmenlere haýwanyň daşky görnüşindäki üýtgeşmeler göz bilen görünmezden ozal, beden gurluş görkezijilerini iň gowy derejä ýetirmek üçin atyň iýmitini biotehnologik taýdan kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atlarynyň seçgini we şahadatnama almagyny täze molekulýar derejä çykarýar. Bu ylmy açyşyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda amala aşyrylmagy, milli atçylyk däpleriniň we öňdebaryjy akademiki ylymlaryň şowly utgaşmasynyň aýdyň subutnamasydyr.