1-nji iýunda 2025 – 2026-njy okuw ýylynda okuwyny tamamlaýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gutardyş döwlet synaglary başlanýar.
Uçurym bolmaly talyplar üçin möhüm we jogapkärli çäre bolan gutardyş synaglaryň başlanandygyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ilkinji bolup yglan etdi.
Synaglaryň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda adalatly, aç-açan we tarapgöýsüz geçirilmegini üpjün etmek, şeýle hem her bir talyp üçin deň hem amatly şertleri döretmek üçin uniwersitetde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlarydyr ylmy işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, ýerli uniwersitetleriň professorlarydyr mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda 21 sany gutardyş döwlet synaglary topary iş alyp barar.
2025 – 2026-njy okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 30-dan gowrak ugur boýunça 1 müň 879 hünärmen, bakalawr we magistr okuwyny tamamlar.
Bu ýokary okuw mekdepde nygtalyp aýdylyşy ýaly, geljekki hünärmenleri taýýarlamak işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» we beýleki möhüm milli maksatnamalarda bellenen wajyp maksatlar göz öňünde tutulyp amala aşyryldy.
Bu döwlet taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilen giň mümkinçilikler ýokary hilli bilim almak, talyplaryň ylmy we döredijilik ösüşi, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny kemala getirmek üçin berk binýat döredýär.