Ï Özbegistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçdiler

view-icon 100
Özbegistanyň oba hojalyk ýokary okuw  mekdebiniň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçdiler

Özbegistan Respublikasynyň "Daşkent suwaryş we oba hojalyk mehanizasiýa inženerleri institutynyň" Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanda hünär tejribesini tamamladylar.

Bu çäre 16-njy maýdan 1-nji iýuna çenli Özbegistan Respublikasynyň Daşkent Suwaryş we oba hojalyk mehanizasiýasy inženerleri instituty bilen S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda ikitaraplaýyn baglaşylan Ylalaşygyň çäginde guraldy.

Özbegistanyň oba hojalyk ýokary mekdebiniň on dokuz talyby we iki mugallymy tejribe maksatnamasyna gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň oba we suw hojalygyna degişli birnäçe iri kärhanalara baryp gördüler. Hususan-da, olar Ak bugdaý etrabyndaky suwy ýokary galdyrýan “Gidropark” bekediniň we “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň işi bilen tanyşdylar. Özbek hünärmenleri we talyplary S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan guralan okuwlara we amaly sapaklara hem işjeň gatnaşdylar.

Sapar maksatnamasy medeni çäreleri-de öz içine aldy. Dostlukly Özbegistanyň wekilleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkyna, Döwlet merkezi botanika bagyna we Daşkent seýilgähine baryp gördüler.

Özbek wekiliýeti ajaýyp myhmansöýerligi we ylym-bilim tejribesini alyşmak üçin döredilen şertler üçin türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirdiler.

Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda ýola goýlan ylmy we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäginde ýakyn wagtda S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe geçmek üçin, Özbegistana özara iş sapary meýilleşdirilýär.