Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda DÖM kluby açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda DÖM kluby açyldy

view-icon 83
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda DÖM kluby açyldy

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) klubunyň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Dabarada institutyň wekilleri çykyş etdiler. Bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy we döredijilik durmuşynda täze sahypany açan şu çäräniň bilimleriň baýlaşmagyna we talyplaryň hem ýaş hünärmenleriň üstünlikleriniň artmagyna has-da köp goşant goşjakdygy nygtaldy. Soňra klubuň esasy maksatlary we wezipeleri jikme-jik görkezildi we bu ylmy-döredijilik başlangyjyň ýaşlar üçin ähmiýeti bellendi. Institutyň ýolbaşçylary ýokary okuw mekdebiň işgärlerini DÖM klubunyň açylyşy bilen tüýs ýürekden gutladylar, onuň täze agzalaryna ýörite nyşanlar gowşuryldy.

Çäräniň çäginde institutda çagalar we ýaşlar üçin bilim beriji hem göwün açyjy şatlykly çäreler geçirildi.

Dürli ýaşdaky 30-dan gowrak çaganyň we olaryň ata-eneleriniň — institutyň mugallymlarynyň we işgärleriniň, şeýle hem “Diller” kafedrasynyň mugallymlarynyň, täze DÖM klubunyň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçen interaktiw bilim duşuşygy has-da gyzykly we täsirli boldy.

Ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutulmak bilen, çagalara Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýa we Durnukly ösüş maksatlary baradaky esasy maglumatlar türkmen we iňlis dillerinde elýeterli hem gyzykly görnüşde düşündirildi.

Çärä gatnaşanlara çaga hukuklary barada ýörite taýýarlanan bilim wideoşekilleri hem görkezildi. Duşuşygyň nazary böleginden soň DÖM klubunyň agzalary çagalar üçin gyzykly interaktiw oýunlary geçirdiler, bu bolsa olaryň gözden geçirilen mowzuklara degişli maglumatlary aňsatlyk bilen özleşdirmegine kömek etdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar duşuşygyň ähmiýetini we netijeliligini nygtadylar we özlerinde dörän ýiti duýgulardyr täsirler üçin guramaçylara hoşallyk bildirdiler. Bu möhüm waka mynasybetli institutda ýadygärlik surata düşürildi.