Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çäre her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlandy.
Dabarada çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň milli ylmy kuwwaty ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli aladalarynyň we hemmetaraplaýyn goldawlarynyň ylmy jemgyýetçiligiň döredijilik hem-de ylmy-barlag işlerine güýçli itergi berýändigini bellediler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy.
Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy.
Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň Çözgüdi okaldy.
Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar we Ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen alymlar geňeşiniň netijenamalarynyň esasynda, şeýle hem milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlarynyň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy.
Dabara gatnaşyjylar türkmen ylmyny we bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin döredilýän giň mümkinçilikler babatda döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.