Ylmy intelligensiýa milli ösüş ulgamynda aýratyn orny eýeleýär. Ol döwletimiziň strategik serişdesi hem-de onuň intellektual kuwwatyny berkitmegiň iň möhüm şertleriniň biridir. Çalt depginler bilen özgerýän häzirki zaman şertlerinde hut ylmy jemgyýetçilik döwlet maksatnamalarynyň ylmy esasda amala aşyrylmagyny üpjün edýär, innowasion çemeleşmeleri kemala getirýär we ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy çözgütleriň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Döwlet derejesinde ylym we bilim ulgamynyň ösüşine berilýän uly ünsüň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiyasynyň ykdysady we syýasat ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy, şeýle hem hormatly Prezidentimize ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy. Bu ýagdaý ýurdumyzyň alymlary üçin möhüm ugur görkeziji bolup, ylmy zähmetiň ähmiýetini hem-de döwleti ösdürmekde intellektual kuwwatyň ornuny aýratyn acyp görkezýär.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň çäreleriniň hatarynda möhüm orun eýelemek bilen, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maksatnamanyň möhüm bölegi boldy. Şu gezekki dabarada ylmy işiň ýokary derejesi we milli ylmy mekdebiň ösüşine uly goşant goşan alymlaryň hyzmatlarynyň ykrar edilýändigi aýdyň görkezildi.
Baý taryhy mirasa we magaryfçylyk däplerine daýanýan ylmy intelligensiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, senagaty ösdürmäge, sanlylaşdyrmak işlerini ilerletmäge, oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Döwletimiz ylmy merkezleriň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar, alymlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döredýär we halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeldýär. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar we forumlar tejribe alyşmaga, hünär gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de ýurdumyzyň ylmy gazananlaryny dünýä giňişliginde öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Bu çärelere daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasatyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny tassyklaýar.
Ýaş alymlary goldamaga we ylmy mekdepleri ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin zerur şertler döredilýär, ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar höweslendirilýär we döwrebap bilim usullary ornaşdyrylýar. Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýar. Bu bolsa ylmy däpleriň dowamlylygyny üpjün edýär we täze nesil hünärmenleriniň kemala gelmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasy ýokary medeniýetiň, hünär jogapkärçiliginiň we raýat kämilliginiň eýesi hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň intellektual binýadyny pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipesini dowam etdirýär. Onuň alyp barýan işi döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, ynsanperwer gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de parahatçylyk, bitaraplyk we döredijilikli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň ilerledilmegine ýardam edýär.