Ï Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldular

view-icon 130
Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldular

Türkmen talyplary 2 – 5-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» atly dünýä bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Arslan Italmazow, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow we Gurban Orazmämedow girdiler.

Türkmenistanyň wekilleri bäsleşigiň «Practical Competition Network Tracking» ugry boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Bu ugruň esasy maksady korporatiw torlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gatnaşyjylaryň başarnyklaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat boldy.

Jemleýji tapgyr sekiz sagat dowam eden amaly barlaghana synagyny öz içine aldy. Onda gatnaşyjylar hakyky wagt tertibinde tor ulgamyny sazlamak, ulgamyň işini işjeňleşdirmek hem-de arhitektura bilen bagly näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmeli boldular.

Giň gerimli bäsleşige dünýäniň 100-den gowrak ýurtdan 2 müňden hem köp ýokary okuw mekdepden 1 million 180 müňden gowrak talyp we halypa-mugallymlar gatnaşdylar. Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyr her ýurtda milli derejede, ikinji tapgyr sebit derejesinde geçirildi. Üçünji jemleýji tapgyrda bolsa Şençžen şäherinde 40-dan gowrak ýurtdan gelen 170 topardan iň gowy 500 gatnaşyjy duşuşdy.

«Huawei» kompaniýasy tarapyndan guralan abraýly «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigi gatnaşyjylaryň arasynda peýdaly bilim we tejribe alyşmak, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek, häzirki zaman sanly gurşawynda erkin ugur alyp bilýän hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda akylly çözgütleri döredip bilýän zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança boldy.