Ï «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnalynyň ikinji sany neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnalynyň ikinji sany neşir edildi

view-icon 68
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnalynyň ikinji sany neşir edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sanyny neşir etdi.

Žurnalyň täze sanyna türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, türkmen we daşary ýurt dilleri hem-de edebiýaty, şeýle-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ynsanperwer, tebigy we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly we ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilen.

Mundan başga-da neşirde dermanlyk ösümlikleri öwrenmek, nano-, bio- we himiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle hem ýerli çig malyň esasynda ekologik taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmek ugurlaryndaky ylmy barlaglaryň netijeleri beýan edilýär.

«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly şu ýylyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda döredildi. Täze neşir türkmen ylmynyň gazananlaryny, ýurduň ylmy-bilim ulgamynda toplanan öňdebaryjy tejribäni giňden wagyz etmek, ýaşlaryň ylmy barlaglara we açyşlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen esaslandyryldy.

Žurnalyň mazmuny häzirki zaman okuw-terbiýeçilik usullary, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň utgaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem filologiýa, psihologiýa, tebigy we takyk ylymlar, hukuk, taryh, milli we dünýä mirasy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.

Žurnalda professorlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň makalalary türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär. Bu bolsa neşiriň diňe bir türkmen okyjylary üçin däl, eýsem, daşary ýurtly gyzyklanýan okyjylar üçin hem elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Elektron žurnal çärýekde bir gezek, ýylda dört gezek neşir edilýär. Onuň ähli sanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda okyjylar üçin elýeterlidir.