Ï Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi başlandy

view-icon 80
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi başlandy

Şu gün Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2026-njy okuw ýyly üçin kabul ediş möwsümi başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş meýilnamalary tassyklanyldy. Kabul ediş möwsümi 13-nji iýuldan 24-nji awgust aralygynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi başlandy. Ondan soň bolsa ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde giriş synaglary geçiriler.

2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi 11-nji iýulda ýurduň merkezi neşirlerinde çap edildi. Onda dalaşgärler üçin hödürlenýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, tabşyrylmaly resminamalar, olaryň kabul edilýän möhletleri, giriş synaglarynyň geçiriljek tertibi, şeýle hem okuw mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary doly beýan edilýär.

Ýurdumyzda kabul ediş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üpjün edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugy bilen tassyklanan döwlet topary öz işine başlady. Bu topar ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş işlerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk eder hem-de olaryň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün eder.

Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimliklerine ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş boýunça iş toparlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

Degişli Buýruklara gol çekip, Türkmenistanyň Prezidenti okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany ýokary okuw mekdeplerine zehinli we mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly hem-de adalatly geçirmegiň, şol sanda jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlyk görmek, bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek meselelerine aýratyn üns çekdi. Şeýle hem şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini belläp, bu dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegi we bu ýokary okuw mekdepleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag işlerini netijeli dowam etdirmegiň, ylmy işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajyp wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady.