Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Mehatronika we robot tehnikasy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýada 1–30-njy iýul aralygynda geçirilýän Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar.
Çynar Garlyýewa tejribelik maksatnamasyna gatnaşmak hukugyny berk bäsleşikli saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip gazandy. Ol ýokary akademiki görkezijilerini, ylmy-barlag ukybyny we anyk kesgitlenen hünär maksatlaryny görkezdi.
Bu maksatnama her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli we ukyply talyplary birleşdirýär. Taslama gatnaşyjylaryň amaly dil başarnyklaryny, medeniýetara hem-de hünär aragatnaşygyny ösdürmäge, bilimini we tejribesini baýlaşdyrmaga, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Maksatnama hepdelik 25 akademiki sagat okuw sapaklaryny öz içine alýar. Häzirki wagtda Çynar Garlyýewa Gýote institutynyň (Goethe-Institut) binýadynda deň-duşlary bilen bilelikde dört hepdelik nemes dili boýunça intensiw okuwlary geçýär, şol bir wagtyň özünde, Germaniýanyň özboluşly medeniýeti, taryhy we milli däp-dessurlary bilen hem ýakyndan tanyşýar.
Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar hünär başarnyklaryny kämilleşdirýärler we inženerçilik, awtomatizasiýa hem-de ösen tehnologiýalar babatda dünýäde öňdeligi eýeleýän Germaniýanyň meşhur uniwersitetlerinde hem-de ylym-bilim edaralarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýärler.
Bu okuw sapary Çynar Garlyýewa öz inženerçilik hünäri boýunça bilimini çuňlaşdyrmaga, goşmaça başarnyklary ele almaga, hünär dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de gymmatly halkara tejribesini gazanmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa onuň geljekki hünär ösüşine möhüm goşant goşar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa uniwersitetde hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary derejesiniň, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan ymtylyşyň we dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmak ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň aýdyň subutnamasydyr.