Ï Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda medallara mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda medallara mynasyp boldular

view-icon 371
Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda medallara mynasyp boldular

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 10 – 21-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji halkara matematika olimpiadasynda («IMO – 2026») üstünlikli çykyş edip, bir kümüş we üç bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.

Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, şeýle hem Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow (12-nji synp) we Hemra Gurbanow (10-njy synp) gazandylar.

Şu ýyl abraýly halkara bäsleşigine 119 ýurtdan 685 sany zehinli okuwçylar gatnaşdy. Türkmenistan bu iri intellektual bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň alty okuwçysyndan ybarat milli topar bilen üstünlikli we mynasyp wekilçilik etdi.

Türkmen okuwçylarynyň halkara bilim giňişliginde gazanan nobatdaky üstünlikleri ýurtda ylym we bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, öňdebaryjy usullary hem-de innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.