Ï Türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk tejribelik okuwyny tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk tejribelik okuwyny tamamlaýar

view-icon 70
Türkmen talyplary Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinde bir ýyllyk tejribelik okuwyny tamamlaýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda guralan bir ýyllyk okuw-tejribeligini üstünlikli tamamlaýar. Okuw sapary türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan ylmy alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Maksatnama boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuwynda ýokary netijeleri gazanan 3-nji ýyl talyplary – kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň talyby Merdan Allamyradow hem-de innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň talyplary Selbi Mämmetalyýewa we Şasenem Şaberdiýewa gatnaşdylar.

Bilim maksatnamasyna laýyklykda, talyplar «Gumanitar ylymlar», «Jemgyýet we halkara barlaglary» hem-de «Inženerçilik» ugurlary boýunça bilim aldylar. Okuw ýylynyň dowamynda olar ýapon uniwersitetiniň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşdylar. Talyplar hünär dersleri boýunça sapaklara gatnap, ýapon dilini öwrendiler, ylmy çärelere hem-de uniwersitetiň «CASA» we «Omochi Language Club» merkezleri tarapyndan guralan medeni maksatnamalara işjeň gatnaşdylar.

Ýapon we beýleki ýurtlardan gelen talyplar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary medeniýetara aragatnaşyk endiklerini has-da kämilleşdirip, dil taýýarlygyny ýokarlandyrdylar hem-de halkara ylmy gurşawda bilim almak boýunça gymmatly tejribe topladylar.

Şeýle hem tejribelik döwründe talyplar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny wagyz etmek işine mynasyp goşant goşdular. Olar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine wekilçilik edip, Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we milli mirasy barada täsirli çykyşlar hem-de tanyşdyrylyşlar bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da ýapon mugallymlaryna, topardaşlaryna we dürli ýurtlardan bolan dostlaryna sowgatlaryny gowşurdylar.

Sukuba uniwersitetinde okaýan döwründe talyplar Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, resmi çäreleriň taýýarlanylmagyna we geçirilmegine işjeň gatnaşdylar.

Türkmen talyplarynyň ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna üstünlikli gatnaşmagy olaryň ylym-bilim we hünär taýdan ösmegine, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem dostlukly iki ýurduň bilim we medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant bolup hyzmat edýär.