Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynda barlaghana müdiri Altyn Rahmanowanyň we direktoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, himiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Durdymyrat Gadamowyň ýolbaşçylygynda häzirki zaman agrobiotehnologiýasynyň möhüm ugurlaryny, şol sanda genetiki taýdan üýtgedilen organizmler (GTO) bilen baglanyşykly meseleleri çuňňur öwrenmäge gönükdirilen yzygiderli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Bioinženeriýanyň we innowasion tehnologiýalaryň depginli ösýän döwründe biohowpsuzlyk, ekoulgamlary goramak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri her bir döwlet üçin strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümleri we çig mal bazary çalt özgerýär. Şol bir wagtyň özünde, genetiki taýdan üýtgedilen düzüm bölekleriniň gözegçiliksiz ulanylmagy we degişli monitoringiň bolmazlygy adamyň hem-de haýwanlaryň saglygy üçin ähtimal töwekgelçilikleri döredip biler.
Mümkin bolan allergiki täsirler, alyş-çalyş prosesleriniň garaşylmadyk üýtgemeleri, bejeriş serişdelerine durnuklylygyň emele gelmegi we tebigy biodürlüligiň bozulmagy ylmy jemgyýetçilik tarapyndan aýratyn üns berilmegini talap edýän möhüm meselelerdir.
Oba hojalyk çig malynyň, tohum gaznasynyň we mallar üçin niýetlenen iýmiň gelip çykyşyny wagtynda ýüze çykarmak, takyk kesgitlemek hem-de olaryň yzarlanylmagyny üpjün etmek biologik we ekologik howplaryň öňüni almaga hyzmat edýär.
Alymlaryň üns merkezinde oba hojalyk ekinleri we ösümlikleri, olaryň fiziologik aýratynlyklary hem-de häzirki zaman biotehnologik usullaryna bildirýän täsirleri durýar. Barlaghananyň häzirki döwürdäki işi, esasan, ylmy-barlag we akademiki häsiýete eýe bolup, ylmy esaslary öwrenmäge hem-de ugurdaş çözgütleri gözlemäge gönükdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde barlaghanada oba hojalyk önümlerinde we mallar üçin niýetlenen iýmde GTO-ny anyklamak hem-de gözegçilik etmek boýunça seljeriş usullaryny we protokollaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu yzygiderli iş geljekde hil gözegçiligini üpjün etmek we standartlar ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän usulyýet binýadyny döretmek maksady bilen amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme geljekde milli ekspert binýadynyň berk ylmy esasda ösdürilmegine mümkinçilik berýär.