Ï Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler

view-icon 147
Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler

19-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň tebigy taýdan gözel Nissa şäherinde ýerleşýän «Frankofoniýa» dil bilimi merkezinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler.

Mugallymlar üçin bu çäre Türkmenistandaky Fransuz institutynyň goldamagynda Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň «Fonds Équipe France» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Mugallymçylyk hünär ýokarlandyryş okuwy ýa-da ony «Frankofoniýa» dil merkeziniň wekilleriniň atlandyryşlary ýaly, «Tomusky uniwersitet» dünýäniň onlarça ýurtlaryndan fransuz dili mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinden fransuz dili mugallymlarynyň dördüsi –Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden bir mugallym hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan üç mugallym girdiler.

Iki hepdäniň dowamynda çärä gatnaşyjylar daşary ýurt dili hökmünde fransuz dilini okatmagyň usulyýeti boýunça nazary okuwlary we amaly okuw maslahatlaryny utgaşdyrýan işjeň maksatnamany geçýärler. Bu okuwlar döwrebap mugallymçylyk çemeleşmelerini hem-de okatmagyň innowasion usullaryny özleşdirmäge, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem maksatnama açyk asmanyň astynda umumy okuwlar – mazmunly medeni-bilim gezelençleri girizilip, olaryň barşynda mugallymlar täze bilimleri özleşdirýärler hem-de hünär başarnyklaryny kämilleşdirýärler, dil we medeni gurşawa doly aralaşmak arkaly Fransiýanyň milli däpleri, medeni mirasy hem-de taryhy bilen tanyşýarlar. Mundan başga-da okuwlar dürli ýurtlaryň mugallymlary bilen tejribe alyşmaga, hünär we medeniýetara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmen mugallymlarynyň hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmaklary öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini almaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Ol bolsa geljekde talyplara fransuz dili we medeniýeti barada häzirki zaman we hakyky düşünje bermäge, fransuz dilini okatmagyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň hilini baýlaşdyrmaga şert döreder.

Türkmen mugallymlary üçin Nissadaky hünär ýokarlandyryş okuwy ilkinji gezek 2025-nji ýylyň tomsunda guraldy, şonda Türkmenistanyň fransuz dili mugallymlarynyň dördüsi şunuň ýaly okuw geçdiler. Türkmenistanda fransuz diliniň okadylyşynyň 30 ýyllygynda üstünlikli işe girizilen taslama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Amala aşyrylýan taslama iki ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmäge, Türkmenistanda fransuz diliniň okadylyşyny kämilleşdirmäge we wagyz etmäge özara ymtylýandyklaryny görkezýär. Şeýle hem ýurdumyzda medeni alyşmalara hem-de Fransiýa we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ylym, bilim, dostlukly we açyk dialogy hemişe ösdürmäge neneňsi ähmiýet berilýändigini ýüze çykarýar.