Türkmenistandan on sany mekdep okuwçysy «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) atly halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Halkara bäsleşik 2 – 7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Surreý uniwersitetiniň binýadynda geçiriler.
Bäsleşigiň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylar ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM), şeýle hem robototehnika, iňlis dili hem-de sungat ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezerler.
Türkmenistanyň ýygyndysyna tejribeli mugallymlar – Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk eder.
Abraýly halkara bäsleşiginde ýurdumyza paýtagtymyzyň hem-de Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde bilim alýan ýaş oýlap tapyjylar we zehinli okuwçylar wekilçilik ederler. Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda türkmen okuwçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «iWISE GLOBAL FINAL 2026» atly robototehnika boýunça halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş edipdiler.
Ýaş zehinlerimize halkara bäsleşiginde uly üstünlikleri arzuw edýäris!