Ï Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaby neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaby neşir edildi

view-icon 58
Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaby neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilen «Sungaty öwreniş» diýen täze okuw kitaby çykaryldy.

Neşiriň awtorlary A.Baýlyýewa we A.Kadyrowa.

Kitap sungatyň nazaryýetiniň esasy meselelerini gurşap alýar, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny, mazmuny ýetirmegiň çeperçilik serişdelerini hem-de sungatyň jemgyýet bilen arabaglanyşygyny beýan edýär. Sungat eserlerini seljermäge bolan häzirki zaman ylmy çemeleşmelere we talyplaryň gözleg başarnyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berlipdir.

Täze kitap sungaty öwreniş babatda geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda gymmatly okuw-usulyýet gollanmasyna öwrüler hem-de milli ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleri üstünlikli dowam etmäge ýardam berer.