Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli bilim maksatnamasy hereket edip başlar.
Ylym-bilim çäreleriniň toplumy barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. Bu başlangyç ýaş nesliň halkara hukugynyň esaslaryny we BMG-niň iş mehanizmlerini çuňňur öwrenmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklary, açyk leksiýalary we duşuşyklary guralar.
Milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny neşir etmek, elektron bilim serişdelerini emele getirmek göz öňünde tutulýar. «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýär.