Ï TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylarynyň Andijandaky duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylarynyň Andijandaky duşuşygy

view-icon 80
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylarynyň Andijandaky duşuşygy

Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli kämilleşdirilýär.

Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýakynda Andijanda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Ýazyjylar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi hem, özara edebi gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli boldy. Bu duşuşyk Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi, Andijan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Andijan welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen bu duşuşygy Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Minhojiddin Mirzo alyp bardy. Duşuşykda Andijan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Elýorbek Halmürzäýew, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Ýesdowlet, Ankara şäheriniň sosial bilimler uniwersitetiniň rektory, ýazyjy Musa Kazim Arijan, Türkiýe Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Muhammet Enes Kala, Gyrgyz Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Kanibek Imanaliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Salim Babulla ogly, Gazagystan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Beýbit Saribaý, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Gaýrat Majidow we ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler.

Bu duşuşykda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň edebi hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türki dünýäsiniň umumy sanly edebiýat platformasyny, elektron kitaphanasyny we ýazyjylar baradaky maglumat ulgamyny döretmek, edebi mirasyny gorap saklamak, wagyz etmek we dünýä dillerine terjime etmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem halkara kitap ýarmarkalaryna, edebiýat festiwallaryna we medeni çärelere bilelikde gatnaşmak, TÜRKSOÝ Ýazyjylar birleşiginiň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasy boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak, Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň festiwallaryny yzygiderli geçirmek, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, terjimeçileriň gatnaşmagynda edebiýat forumyny geçirmek boýunça teklipler aýdyldy.

Andijan döwlet lukmançylyk institutynda meşhur türk şahyry Ziýa Gökalpyň edebi mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu maslahat TÜRKSOÝ tarapyndan «2026-njy ýyl – Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Maslahatyň ahyrynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygyna gatnaşyjylaryň birnäçesine Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Minnetdarlyk haty gowşuryldy.

Andijanda geçirilen çärelerde çykyş eden ýazyjy-şahyrlar «Edebi dostluk – ebedi dostluk» diýen ýörelgeden ugur alyp, türki dünýäsinde medeni hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini, birek-birege döredijilik rowaçlyklaryny arzuw etdiler.