Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri emeli aň, inženerçilik we energetika ugurlarynda Koreýanyň Songýungwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri emeli aň, inženerçilik we energetika ugurlarynda Koreýanyň Songýungwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

view-icon 60
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri emeli aň, inženerçilik we energetika ugurlarynda Koreýanyň Songýungwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Songýungwan uniwersitetine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek dabarasy geçirildi.

Gutlag sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki döwletiň Hökümetleriniň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde oňyn netijeler gazanylandygyny belledi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz bu gatnaşyklarda Songýungwan uniwersiteti aýratyn orun eýeleýär. Bu bilim ojagy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň täze bilelikdäki bilim başlangyçlaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp, olaryň hatarynda talyplary, mugallymlary, ylmy işgärleri alyşmagy, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň sanynyň artdyrylmagyny belledi.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly tehnologiýalar, senagat menejmenti boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasyny işläp düzmegiň möhümdigini aýdyp, bu başlangyçlary amala aşyrmaga uly halkara abraýy bolan Songýungwan uniwersitetiniň işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi