Ï Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

view-icon 165
Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Ekologiýa we sanly dünýä: ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen ylmy okuw maslahaty geçirildi.

Institutyň gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasy tarapyndan guralan duşuşyga ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar ýaşlaryň ekologiýa boýunça ylmy-amaly çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, gelejekde «ýaşyl» başlangyçlary, innowasion taslamalary we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem daşky gurşawy goramagy we jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin häzirki zaman sanly mümkinçiliklere seredildi.

Okuw maslahatyň dowamynda talyplar degişli ugurlar boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etdiler. Her bir çykyşyň soňunda çykyş edýän bilen diňleýjileriň arasynda gyzykly maslahatlaşmalar geçirildi, hünär derejesindäki pikirler, sowal-jogaplar alşyldy. Bu bolsa ylmy-bilim tejribesini alyşmaga, talyplaryň bilimlerini giňeltmäge we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam etdi.

Geçirilen okuw maslahat geljekki oba hojalyk hünärmenleriniň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň ylmy işjeňligini hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak boýunça giň gerimli işlere gatnaşmaga bolan höweslerini artdyrmaga köp babatda ýardam etdi.