Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw edýärin.
Diliň, medeniýetiň, diniň we taryhy kökleriň umumylygyna esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýändigi buýsandyrýar.
Sizi 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitinde görmäge şatdyryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Ermenistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluga, birek-birege hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär.
Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Öňdengörüjilikli döwlet işgäri we tejribeli ýolbaşçy hökmünde Siz ýurduňyza gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman hyzmat edýärsiňiz.
Siz türkmen döwletliligini berkidip we parasatly bitaraplyk syýasatyna berk eýerip, parahatçylyk, adalatlylyk we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirýärsiňiz.
Biziň ýurtlarymyzy özara hormat goýmaga hem-de rus we türkmen halklarynyň döwrüň synagyndan geçen köpýyllyk dostlugyna esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Sankt-Peterburg üçin Türkmenistan hemişe ýakyn halkara hyzmatdaşlaryň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş ulgamlarynda bilelikdäki işde hem-de iri infrastruktura we bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde toplanan baý tejribe biziň geljekki üstünliklerimiziň binýadydyr.
Sankt-Peterburg bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigiňize tüýs ýürekden hoşaldyryn. Doglan günüňiz mynasybetli Size berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw edýärin.
Sizi islendik amatly wagtda Sankt-Peterburgda görmäge şatdyryn.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Beglow,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.