Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 184

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň bu möhüm halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

– Biz Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize ýokary baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we RF-niň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Wladimir Putin bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasyna möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk berk binýada eýedir we ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn dialogyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Şeýle hem ýurdumyz Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy we olary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ulgam özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen mundan beýläk-de köpugurly, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.