Ï Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary okuw mekdepleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary okuw mekdepleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 146
Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary okuw mekdepleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Iki taraplaýyn resminama Aşgabatda 10 – 12-nji oktýabr aralygynda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen dabarada gol çekildi.

Täze ylalaşyk uniwersitetleriň, ilkinji nobatda, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we akademiki alyş-çalyş babatda bilelikde iş alyp barmagyny göz öňünde tutýar. Resminama laýyklykda, taraplar netijeli we özara bähbitli akademiki hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi, öňdebaryjy tejribe alyşmagy we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegi maksat edinýärler.

Dabarada bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şeýle hyzmatdaşlyk ýokary okuw mekdepleriniň ylmy kuwwatyny artdyrmakda, innowasiýalary bilim işine ornaşdyrmakda, şeýle hem öz ýurtlarynyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.