Ï Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 141
Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli lukmançylyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Neşirler ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

M. Jumaýew, H. Hydyrow we T. Durdyýewa tarapyndan taýýarlanan täze «Rentgenologiýa» okuw kitabynda häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlaryny, şeýle hem ylmyň we tehnikanyň täze innowasion usullary ýerleşdirildi. Kitapda keselleri we patologiýalary rentgen şöhlesi bilen bejerişe aýratyn üns berilýär. Şeýle hem neşirde rentgen şöhle bejergisinde ulanylýan enjamlaryň suratlary we ony ulanmagyň usullary baradaky maglumatlar getirildi.

Geljekde lukman boljak ýaşlar üçin niýetlenen «Onkologiýa» atly ýene bir täze okuw kitaby M. Jumaýew, H. Hydyrow we J. Hojamyradow tarapyndan taýýarlanyldy. Kitap iki bölümden ybarat. Birinji bölümde onkologiýanyň umumy meselelerine, howply täze döremeleriň aýratynlyklaryna, kanserogeneziň nazaryýetlerine, şeýle hem keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly usullaryna garalýar. Ikinji bölüm bolsa bedeniň dürli agzalarynda we ulgamlarynda döreýän täze döremelere, olaryň gelip çykyşyna, toparlara bölünişine, anyklanylyşyna, bejerilişine we öňüni alyş çärelerine bagyşlanýar.

Täze neşirleriň mazmuny keselleri irki döwürde ýüze çykarmak we netijeli bejergini geçirmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Okuw kitaplary hünär bilimlerini we amaly başarnyklary ösdürmäge, keselleri anyklamagyň, bejermegiň we öňüni almagyň häzirki zaman usullaryny öwrenmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, ýokary hünärli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamaga hem hyzmat eder.

Esasan, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin niýetlenen bu täze neşirler Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary, şeýle hem ýaş lukmanlar we ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş işgärleri üçin hem peýdaly okuw gollanmalary bolar.