Ï Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr

view-icon 52
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
Aktýor diňe bir hünär däl, ol ykbaldyr
camera-icon
Ahmet Türkeşow

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Anastasiýa Wasilýewna Balandina üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň gowşurylmagy bilen dabaralandy. Anastasiýa Wasilýewna 20 ýyla golaý sahna hyzmat edip gelýär, ol öz gahrymanlaryna durmuş paýhasyny, mylakatlylygy we özüneçekijiligi siňdirip, köpsanly keşpleri janlandyrdy.

«Teatra nähili geldiňiz?» diýen soraga Anastasiýa Wasilýewna garaşylmadyk jogap berdi: «Men gelmedim, men şol ýerde dünýä indim». Anastasiýa doglanda, onuň kakasy – aktýor Wasiliý Balandin gastrolda ekeni, şonuň üçin hem ony we grim hem-de lybaslar boýunça hünärmen bolan ejesini A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň bütin agzybir işgärleri garşylapdyr.

– Biz doganym bilen teatrda ulaldyk – diýip, Anastasiýa özi baradaky gürrüňini dowam etdi. – Men özüme berlen ilkinji keşbi 8 ýaşymda, režissýor Renat Ismailowyň sahnalaşdyran «Esger Iwan Çonkinyň täsin başdan geçirmeleri» (Необычайные приключения солдата Ивана Чонкина) atly sahna oýunynda ýerine ýetirdim. Ol sahna oýunda aktýorlar bilen bilelikde jemi dört çaga çykyş edipdi, olaryň arasynda doganym we men hem bardym. Bu waka 1989-njy ýylda bolupdy. Şeýle-de, doganym ikimiz A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň çagalar üçin sahna gorundaky ähli rollary ýatdan bilýärdik we öýde ýeke galan wagtymyz, özümiz üçin oýnap başlaýardyk.

Ýöne teatra bolan söýgi mende ömürlik galan bolsa, doganym ýaşy ulaldygyça oňa bolan höwesini ýitirdi. Hakyky aktýoryň özboluşly psihologik gurluşy bolmaly, ol islendik keşbe aňsatlyk bilen girip bilmeli. Bu kärde diýseň uly hyjuw, janköýerlik gerek – başgaça bolup bilmez. Mysal üçin, eger aktýor goşgy okamaly bolsa, ony mekdepdäki ýaly däl-de, tomaşaçy ol goşgyda aktýoryň şahsyýetini duýar ýaly edip okamaly.

Meniň bagtyma A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda mekdep-studiýa açyldy we men oňa ýazylmak üçin arza berenleriň ilkinjisi boldum. Halypalarymyz – Natalýa Andreýewna Laukert, Olga Wladimirowna Wolkowa we Anatoliý Georgiýewiç Lubines – biziň ýol ugrukdyryjymyz boldylar, olar on aýyň içinde bizden hünärmen ýetişdirmegi başardylar. «Ertir bolsa uruşdy» (А завтра была война) atly ýyllyk synag sahnasyny we «Maugli» diplom sahnasyny ýatlamak hem ýeterlikdir. Bu studiýa sahnalary teatryň sahna goruna girizildi we meşhur sahna eserleri bilen deň hatarda görkezildi. Maňa «Ertir bolsa uruşdy» sahnasynda Iskra Polýakowanyň keşbini, «Maugli» sahnasynda bolsa Maugliniň ogullyk alan ejesi – ene möjegiň keşbini janlandyrmak miýesser etdi.

Olga Wladimirowna Wolkowa düýnki mekdep okuwçylary bolan bize artistligiň hemişe öz üstüňde işlemek we öz-özüňi tertibe salmak bolup durýandygyny düşündirýärdi. Eger size beden, ses, tans ýa-da tekst ýatlamak boýunça tabşyryk berilse, beýleki kärdeşiňizi kyn ýagdaýda goýmaly dälsiňiz we ony wagtynda berjaý etmelisiňiz. Öňler bolsa bize tertip-düzgün bilen döredijilik bir-birinden aýry düşünjeler ýaly bolup görünýärdi.

«Siziň janlandyran keşbiňizden gowy görýäniňiz haýsy we arzuw edýän keşbiňiz näme?» diýen soraga Anastasiýa Balandina özüniň iň gowy görýän sahnalarynyň «Ýersiz bag» («Сад без земли») we «Bernarda Albanyň öýi» («Дом Бернарды Альбы») oýunlarydygyny aýdýar: – olaryň ikisinde-de uýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň psihologik seljermesi bar. «Bernarda Albanyň öýi» sahnasynda režissýoryň kömekçisi Swetlana Troýskaýady, ol sahna taýynlyk görýän döwründe dogan-garyndaş adamlaryň birek-birege bolan ýigrençli garaýyşlarynyň sebäplerini ähli inçeliklerine çenli biz bilen seljerýärdi. Muňa düşünmek we sahnada görkezmek kyndy, ýöne gyzyklydy.

Sahnada erbet adamlaryň keşbine girmek gowy adamlaryň keşbine girmekden has kyndyr. Belki-de hut Swetlana Borisownanyň beren ugrukdyrmasyndan soň, mende «Husyt rysar» («Скупой рыцарь»), «Otellodaky» Ýago (Яго из «Отелло»), «Mosart we Salýeridäki» Salýeri (Сальери из «Моцарта и Сальери»), «Daş myhmandaky» Don Žuan (Дон Жуан из «Каменного гостя») ýaly keşpleri janlandyrmak höwesi döredi. Bularyň hemmesi erkek kişileriň keşbidir, ýöne režissýoryň maňa şu keşbiň birini oýnamagy teklip etmegini diýseň isleýärin. Häzirlikçe bolsa, men erbet keşplerden çagalar üçin niýetlenen «Zoluşka» («Золушка») sahnasynda uýanyň keşbini oýnadym. Halypalarymyzyň bize öwredişi ýaly, sahnada erbet gahrymanyň keşbini janlandyran mahalyň onuň näme üçin beýle edýändigini tomaşaçylara duýdurmak gerek.

Teatr – bu meniň durmuşym, sahnada çykyş edenimde başdan geçirýän tolgunmalarym we joşgunym üçin ykbalyma minnetdar. Biziň ýurdumyzyň teatr sungatyna goşan goşandymy gören we bahalandyran ähli adamlara, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz hoşallygymy bildirmek isleýärin.