Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny tejribä ornaşdyrmak hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda okuw-usulyýet neşirleriniň çap edilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Ýakynda lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin «Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş» atly täze okuw kitaby neşir edildi. M.Jumaýewiň we H.Hydyrowyň awtorlygynda taýýarlanan bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Neşirde häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlary, keselleri şöhle arkaly anyklamagyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Şeýle-de okuw kitabyna şöhle bilen bejergi bermek, bu ugurda ulanylýan döwrebap enjamlar we olardan peýdalanmagyň usullary baradaky maglumatlar girizilipdir.
Täze okuw kitaby lukmançylyk ugry boýunça bilim alýan talyplar üçin nazary bilimlerini baýlaşdyrmaga, hünärmenler üçin bolsa amaly işlerinde peýdalanmaga mümkinçilik berýän gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.