Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 – 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Ýaş fizikleriň bütindünýä olimpiadasynda (World Young Physicists Olympiad, WYPO-2026) ýokary üstünlikli çykyş etdiler.
Ýurdumyza bu abraýly halkara bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan ybarat milli ýygyndy toparymyz mynasyp wekilçilik etdi.
Olimpiadanyň meýdançasynda türkmen talyplary özleriniň ýokary derejeli taýýarlyklaryny, çuňňur bilimlerini ynamly görkezip, 13 medal: 3 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç medallary gazandylar.
Talyplarymyz dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary mekdeplerinden gelen mynasyp bäsdeşler bilen ýaryşyp, şeýle ajaýyp netijeleri gazanmagy başardylar.
Şu ýyl olimpiada 200 töweregi ýaş fizikleri – Malaýziýanyň, Indoneziýanyň, Tailandyň, Meksikanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Rumyniýanyň, Gwatemalanyň, Mýanmanyň, Wýetnamyň we Filippinleriň 41 sany ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplary bir ýere jemledi.
Uly halkara bäsleşikde talyplarymyzyň gazanan täze ajaýyp üstünlikleri türkmen ýaşlarynyň taýýarlygynyň ýokary derejesiniň, intellektual mümkinçilikleriniň, bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de olaryň halkara ylym we akademiki giňişlikdäki ornunyň berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.