Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde sport hepdeligini gurady

eye
549
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde sport hepdeligini gurady

Russiýanyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde 2-nji aprelde 5-8 synp okuwçylaryň arasynda sport ýaryşlarynyň hepdeligi başlandy.  Bu sport çäresi Bütindünýä saglyk gününe we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygana bagyşlanýar. 

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy)  konsullygy tarapyndan guralan bu sport-sagaldyş tapgyry  ýaşlaryň arasynda sagat ýaşaýyş ýörelgelerini giň ýaýratmaga gönükdirilendir. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 7-nji aprelde geçiriler.