Aşgabatda konkur boýunça ýaryş geçirildi

eye
561
Aşgabatda  konkur boýunça ýaryş geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramyna  bagyşlanan çäreler maksatnamasynyň çäklerinde  Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynyň açyk manežinde 19-njy aprelde atçylyk sportunda Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşi – päsgelçiliklerden böküp geçmek  boýunça ýaryş geçirildi.

Sportuň şu görnüşiniň we Olimpiýa hereketiniň taryhynda ahal-teke bedewleriniň ajaýyp wekilleri mynasyp orun eýelediler. Mysal üçin, şan-şöhrady dünýä dolan  Absent atly owadan gara at Olimpiýa oýunlarynyň üçüsinde: Rimde (1960 ý) – 1- nji, Tokioda (1964ý) –3-nji we Mehikoda (1968ý) – 4-nji orny eýeläp, atlaryň arasynda rekord netije gazanypdy. Onuň atasy Arap atly dor bedew  2 metr 12 santimetre böküpdi.

2011-nji ýylda Halkara ahal-teke atçylyk sport toplumynyň işe girizilmegi bilen päsgelçiliklerden böküp geçmek sporty täze ösüşe eýe boldy. «Türkmen atlary» Döwlet birleşiginiň guran bu ýaryşy hem muňa şaýatlyk edýär, oňa çapyksuwarlaryň 14-si gatnaşdy.

Ýaryş iki tapgyrda geçirildi, olaryň netijesi boýunça atlar ýene päsgelçiliklerden bökdüler. Bäsleşige  gatnaşanlar dürli belentlikdäki we çylşyrymly päsgelçilikleriň 12-sinden geçmelidiler. Ýaryşyň düzgünine görä, bir päsgelçilikden iki gezek geçip bilmedikler baýrakly orunlar  ugrunda bäsleşiklerden  galdyrylýardy. Şu ýaryşda ahal-teke bedewleiniň ählisiniň öňde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmegi bäsleşigi has gyzgalaňly we şüweleňli etdi.

Ýaryşyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler Türkmen bedewiniň milli baýramy güni – 25-nji aprelde yglan ediler.

                                                                             «ZW»-nyň habarçysy

                                                                Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN