mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen pälwany ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilýän Aziýa çempionlygynda bürünç medal gazandy

view-icon 1354

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň we 23 ýaşa çenli ýigitleriň arasynda grek-rim erkin we zenanlar göreşi boýunça Aziýa çempionaty başlandy.

Ýaryşa 21 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan-da pälwanlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynda habar berişlerine görä, bu ýaryşa biziň ýurdumyzdan 23 türgen gatnaşýar. 

Aziýanyň birinjiliginde ilkinji bolup grek-rim usulynda göreşýän pälwanlar güýç synanyşdylar. Göreşiň bu görnüşinde biziň toparymyzyň ilkinji bürünç medaly gazanmagy diýseň begendirijidir. Ony Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kakabaý Kakabaýew eýeledi. Bu ýeňşe ol medal ugrunda 10 türgeniň bäsleşýän 65 kg çenli agram toparynda ýetdi.

Çärýek finalyň başynda Kakabaý Aziýanyň wise-çempiony bolan täjigistanly Sunat Abdullaýewden asgyn geldi (0:4). Emma soňky ýaryşda ol ýaponiýaly Kakeru Sakaeni ynamly ýeňdi (12:2). Bürünç medal ugrundaky bäsleşikde bolsa Koreýa Respublikasyndan gelen Taýon Kwanomdan üstün çykdy (7:1). 

Bu 17 ýaşly Kakabaý Kakabaýewiň ilkinji uly üstünligidir. Mundan öň ol 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde iki gezek ýeňiş gazanypdy. Onuň üstünligine zehinli türgeniň tälimçisi Amangeldi Geldiýewiň we häzir Bişkekde geçýän çempionata gatnaşýan grek-rim usulynda göreşýän pälwanlara ýolbaşçylyk edýän Aýmyrat Öwlüýägulyýewiň goşandy ulydyr. 

Toparymyzda bürünç medal gazanmaga Şatlyk Ýunusow-da örän golaýdy. Baýrak üçin 10 türgen bäsleşen 60 kg çenli agram toparynda Şatlyk çärýek finalda Mahabub Alamy (Bangladeş) ynamly ýeňdi (9:0). Soň finala çykmak ugrundaky göreşde ol Aziýanyň 2022-nji ýyl wise-çempiony Hoseýn Mirşekarden asgyn gedli (0:8). 3-nji ýer üçün çekeleşikli göreşde Huseýn Hasanow (Täjigistan) rüstem geldi (6:7). 

Türkmenistanly ýene bir türgen Maksat Seýtiýew 51 kg çenli agram toparynda çykyşyny çärýek final basgançagynda Daýsuke Morisiteden (Ýaponiýa) asgyn gelmek bilen tamamlady (0:8).

Aziýanyň birinjiliginde nobatdaky medal toplumy ugrunda erkin göreşiň wekilleri bäsleşerler. Onda Türkmenistanyň sport abraýyny 7 türgen, şol sanda ýakynda Rumyniýada geçen halkara ýaryşyň ýeňijisi Alp Arslan Begenjow-da gorar.