mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Erkin göreş boýunça ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony

view-icon 2131

Gyrgyzystanayň paýtagty Bişkek şäheride 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça geçýän Aziýa çempionatynyň altyn medalyny türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow gazandy. Paýtagtymyzyň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy bu üstünligi çempionlyk ugrunda 10 türgeniň bäsleşýän 65 kg çenli agram toparynda çykyş edip, gazandy. 

Çempionatyň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna barýan ýolda Alp Arslan dörtden bir finalda Tumirlan Noruzbekowy (Gyrgyz Respublikasy) ýeňdi ‒ 11:0, ýarym finalda Aýkyn Bolatulyny (Gazagystan) utdy ‒ 9:4, finalda bolsa Akobir Rahimowdan (Özbegistan) üstün çykdy ‒ 9:6.

Bu agram toparynda bürünç medala ýaponiýaly Ýujin Takidzawa we gazagystanly Aýkyn Bolatuly mynasyp boldular.

Sport ussatlygyna kandidat, 8-nji awgustda 16 ýaşy dolýan Alp Arslan Begenjow erkin göreş bilen meşgullanmaga Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň häzirki baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň ýolbaşçylygynda başlady. Häzir ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär. Ozal A.Begenjow 15 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde iki gezek ýeňiş gazanypdy, bir aý mundan ozal bolsa Rumyniýada 17 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» halkara ýaryşda birinji ýeri eýeledi. 

Türkmenistanyň toparynda bürünç medaly gazanmaga Parahat Ataýew golaý bardy. Dörtden bir finalda, medal ugrunda 10 sportçynyň bäsleşýän 80 kg çenli agram toparynda ol Ýakow Çaplini (Gyrgyz Respublikay) ýeňdi ‒ 4:2, soňra ildeşimiz Aziýanyň 2022-ni ýyl wise-çempiony Ashab Hajyýewden (Gazagystan) ýeňildi ‒ 0:10, 3-nji ýer ugrundaky göreşde bolsa Muhammadamin Abdullaýewden (Täjigistan) asgyn gedli ‒ 0:10 we ýaryşy tamamlady.

Aziýa birinjiliginiň bürünç medaly ugrunda ýene bir türkmen pälwany ‒ Azymberdi Aşyrgulyýew göreşer. Baýrakly orun ugrunda dalaş edýän 8 türgeni özünde jemleýän 45 kg çenli agram toparynda ol dörtden bir finalda Keýatsu Sigemitsuny (Ýaponiýa) ýeňdi ‒ 11:9, emma soňra ýarym finalda Amirmohammad Nawaziden (Eýran) asgyn geldi ‒ 0:7 we indi bürünç medal ugrunda mongoliýaly Muntugs Amgalan bilen duşuşar.

Erkin göreş boýunça üç sany pälwanymyz: Ýunusmuhammet Hallyýew (60 kg çenli), Dawut Hajatow (71 kg çenli) we Orazmuhammet Hojalyýew (92 kg çenli) Aziýa birinjiligindäki çykyşlaryny aşaky basgançaklarda tamamladylar.