mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýörite kafedralar himiýa ylmynyň ösüşini çaltlandyrarlar

view-icon 4017
Ýörite kafedralar himiýa ylmynyň ösüşini çaltlandyrarlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-ylmy kafedralary döredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi kafedrasynyň esasynda ýöriteleşdirilen «Organiki himiýa» okuw kafedrasy döredildi, onda täze materiallar işlenilip taýýarlanylar. Magtymguly adyndaky TDU-nyň professor-mugallymlarynyň we Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň alymlary «Organiki däl we analitik himiýa» ýörite kafedrasynyň çäklerinde ylmy hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

Ýörite kafedralarda alnyp baryljak ylmy işler ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm meselelerini çözmäge, önümçilige täze ylmy işläp taýýarlamalary we ekologiýa taýdan arassa önümleri ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hususan-da, Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny 2021-2025-nji ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uniwersitetiň organiki himiýa kafedrasynyň professorlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda ýaglylygy güýçli uglerodyň we nebit karbon kislotalarynyň esasynda senagat taýdan wajyp birleşmeleri almagyň ylmy esaslary taýýarlanylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň bölümleriniň we Magtymguly adyndaky TDU-nyň organiki däl we analitik himiýa kafedrasynyň professorlarynyň ýakyn hyzmatdaşlygynda Garabogaz kölüniň şerebesini toplumlaýyn gaýtadan işlemegi öwrenmek hem-de ony durmuşa geçirmek meseleleri öňde goýuldy. Himiýaçy alymlar fiziki himiýa kafedrasynyň professorlary bilen bilelikde ýerli çig maldan dokma önümleri üçin arassa reňkleri almagyň ylmy esaslaryny işläp düzerler.

Tebigy we takyk ylymlar ylmy-barlag merkezinde uniwersitetiň professorlary we ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary şu ugurlardan düýpli barlaglar geçirýärler.