mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzyň talyplary iňlis sözlerini takyk aýtmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

view-icon 3523
Ýurdumyzyň talyplary iňlis sözlerini takyk aýtmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

Türkmenistanly talyplar iňlis sözlerini takyk aýtmak boýunça halkara Spelling Bee bäsleşiginiň Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa tapgyrynda şowly çykyş etdiler.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Samir Babajanow bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Iňlis dili we edebiýaty» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Perman Kyýasow ikinji orny eýeledi.

Spelling Bee bäsleşigi talyplaryň sowatlylygyny artdyrmaga hem-de söz baýlygyny ösdürmäge ýaram edýär.