Ï «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

view-icon 10570
«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 4 – 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşigini geçirdiler.

Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesli hakyky watançy, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ösdürmekden hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza egsilmez buýsanjyny görkezmekden ybarat boldy.

Bäsleşik düzme ýazmak, maket taýýarlamak we surat çekmek ýaly esasy üç ugurda üç tapgyrda geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 30-njy noýabrda Aşgabatda geçirilip, oňa bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlarynda okuwçylaryň 1-nji we 2-nji orunlary eýelän işleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny guramak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekillerinden we ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat eminler topary döredildi.

30-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalary merkezinde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Üç ugurdan Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Atajan Garýagdyýew (iň gowy düzme üçin), Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gülnar Gurbanowa (iň gowy maket üçin) we Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ysmaýyl Ataýewe (iň gowy surat üçin) 1-nji orun berildi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan okuwçylaryň ýene onusy öz aralarynda ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň guramaçylary dabarada çykyş edip, ýeňijileri gazanan üstünlikleri we döredijilik bäsleşigine işeňňir gatnaşanlary gutladylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň ýolbaşçylarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan degişli diplomlardyr sowgatlar, oňa işeňňir gatnaşan okuwçylara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň iň gowy işleri «Güneş» žurnalynda çap ediler.