Ï Mugallymlar üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlar üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar çap edildi

view-icon 4048
Mugallymlar üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar çap edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde orta mekdep mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze usulyýet gollanmalaryny taýýarlap ýaýratdy.

Umuman 5 dürli neşiriň 8 müňden gowrak nusgasy gowşuryldy.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolan bu özboluşly gollanmalar halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýýazi myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda gollanmalaryň bilim ulgamynyň durnuklylygyna we okuwçylaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ünsi çekip, munuň bu meselede ýurdumyzyň umumymilli tagallalaryny goldamak, ekologik hem-de tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek, bu ugurda ýaş türkmenistanlylaryň habarlylygyny artdyrmak babatda ajaýyp mümkinçilikdigini aýtdy.