Ï Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

view-icon 4204
Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik  geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynmagy esasynda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gönüşdäki gysga möhletli okuwlary gurayan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boyunça döwlet bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet bäsleşiginiň birinji tapgyryny okuw merkezlerinde, şu ýylyň 12-nji fewralynda, Aşgabat şäheri we Ahal welayaty boyunça D. Azady adyndaky Türkmen milli dünya dilleri institutynda, Balkan welaýaty boyunça Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki böluminde, Daşoguz welaýaty boyunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boyunça Seyitnazar Seydi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welayaty boyunça Türkmenistanyn Döwlet energetika institutynda geçiriler.

Birinji tapgyrda öz başarjaňlygyny görkezip, ýokary netije gazanan okuw merkezleri emin agzalary tarapyndan 2-nji tapgyra gatnaşarlar we ýeňiji bolanlar 3-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Döwlet bäsleşiginiň ikinji tapgyry 2023-nji ýylyň 26-njy fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynda geçirmegi tassyklanyldy.

Esasy tapgyry bolan bäsleşigiň üçünji jemleyji tapgyryny 2023-nji yylyn 19-njy martynda guramaçylykly geçirmek göz öňünde tutulýar. Goşmaça habarlaşmak üçin şu telefon belgileri +(99312) 44-84-00/ 44-84-52 bilen habarlaşyp bilersiňiz.