Ï Türkmen talyplary Gazagystanda geçirilen olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Gazagystanda geçirilen olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular

view-icon 5934
Türkmen talyplary Gazagystanda geçirilen olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň ikisi Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Gazagystan milli ylmy-barlaglar tehniki uniwersitetiniň we onuň düzümindäki T.K.Basenow adyndaky Binagärlik we gurluşyk institutynyň guran Respublikan talyplar onlaýn olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Gaz üpjünçiligi we ýelejiredijiler» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby Eziz Şirmedow olimpiadanyň «Inženerçilik ulgamlary we merkezleri» ugrundan ikinji orny eýeledi. Ýol gurluşyk fakultetiniň «Gara ýollaryň we howa menzilleriniň gurluşygy» hünäri boýunça 3-nji ýyl talyby Eziz Egemberdiew «Gurluşyk materiallary» ugrundan üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dürli fakultetlerinden 20 talypdan ybarat milli ýygyndy uç ugurda, ady agzalanlardan başga-da «Gurluşyk gurnamalary» ugry boýunça olimpiadada çykyş etdi.

Olimpiada jemi bäş: «Gurluşyk materiallary», «Gurluşyk gurnamalary», «Inženerçilik ulgamlary we merkezleri», « Inženerçilik mehanikasy», «Ulag desgalary» ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşige Gazagystanyň we ýakyn daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Has zehinli, döredijilige ukyply we başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň arasynda ylmy-barlaglara höwesi artdyrmak, şeýle hem Gazagystanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek hem-de pugtalandyrmak – talyplar onlaýn olimpiadasynyň esasy maksatlarynyň biridi.