Ï Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar

view-icon 3468
Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Teoretiki mehanika» dersinden II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga haýyşnamalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar.

Olimpiada gatnaşmak isleýänleri hasaba almak şu ýylyň 20-nji martyna çenli dowam eder. Oňa gatnaşmaga haýyşnamalary institutyň web-saýtynyň Olimpiada bölümine ibermeli.

Talyplaryň arasynda aň-paýhas bäsleşigi 27-nji martdan 1-nji aprel aralygynda geçiriler.

Bu derse höwesek ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hünär ugruna we okaýan ýylyna garamazdan Olimpiada gatnaşyp bilerler. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär. Olimpiada özbaşdak we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär. Iki ugruň hersine bir ýokary okuw mekdebinden bäşden köp talyp gatnaşmaly däldir. Toparlar barada aýdylanda bolsa, olar toparlaýyn bolup bilerler, ýagny topar ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplaryndan düzülip bilner.

Olimpiadanyň özbaşdak tapgyryna gatnaşýanar üçin teoretiki mehanikanyň üç bölüminden sekiz mesele taýýarlandy. Olaryň arasynda «Statika» bölüminden iki, «Kinematika» bölüminden iki we «Dinamika» bölüminden dört mesele bolar. Meseleleri çözmäge 240 minut (4 sagat) wagt berilýär. Toparlara teoretiki mehanikanyň bölümlerinden bäş mesele we olary çözmäge 60 minut (1 sagat) wagt berler. Bäsleşigiň meseleleri çäräni guraýan institutyň web saýtynyň ýokarda görkezilen bölüminde ýerleşdiriler.

Teoretiki mehanika ökdeler özbaşdak we toparlaýyn bäsleşiklerde toplan utuklary esasynda kesgitlener. Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler 1-nji aprelde, Olimpiadanyň ýapyljak güni yglan ediler we degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Goşmaça maglumaty şu telefonlar: (+800 522) 5-75-02, +993 63 511730, +993 62 770092 we marytdei@online.tm, tdei.mechanic@gmail.com elektron poçta arkaly alyp bolar.

Türkmenistanyň Döwlet energitika institutynyň teoretiki mehanikadan I Açyk halkara internet olimpiadasyny geçen ýylyň ýazynda üstünlikli geçirendigini bellemek gerek. Oňa dünýäniň 16 ýurdundan - Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Rumyniýadan, Wengriýadan, Portugaliýadan, Türkiýeden, Gresiýadan, Ekwadordan we Hytaýdan 300-e golaý talyp gatnaşypdy.