Ï Türkmenistanyň alymlary täze maglumat çeşmelerini işe girizdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň alymlary täze maglumat çeşmelerini işe girizdiler

view-icon 4627
Türkmenistanyň alymlary täze maglumat çeşmelerini işe girizdiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda üçin durmuş-ykdysady taýdan ösüdermegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde täze web-taslamalary işlenip düzüldi we ornaşdyryldy.

Meselem, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda türkmen hünärmenleri «Elektron ylmy-amaly žurnal» web programmasyny döretdiler. 

Bu programma arkaly alymlar ylmy makalalaryny žurnalyň redaksiýasyna iberip, öz penjiresiniň üsti bilen makalanyň ýagdaýy bilen tanşyp hem-de özüne degişli neşir edilen makalalaryň hasabyny ýöredip bilerler.

Mundan başga-da, web-goşundy žurnalda makala ibermegiň talaplary, neşir etmegiň düzgünleri we redaksiom düzümiň agzalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ulgam interfeýsi «Ulanyjy» we «Dolandyryjy» ýaly iki bölüme bölünýär . Ol maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýene bir täze işi – «Magtymguly Pyragy portalyny» ornaşdyrdy.

Web portal Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynda» göz öňünde tutulan «Magtymguly Pyragy portalyny» döretmek çäresini ýerine ýetirmek maksady bilen döredildi.

Portal ylmy institularda, ýokary okuw jaýlarda hem-de daşary ýurtlylar şahyr bilen gyzaklanýanlar üçin  Magtymguly Pyragynyň – ömri we döredijiligi, golýazmalary, goşgulary, işleri we kitaplary bilen peýdalanmak we tanyşmak üçin niýetlenendir.