Ï Türkmenistan - Eýran: döwletara hyzmatdaşlygy dostluk, özara hormatlylyk we ikitaraplaýyn bähbitlik ýörelgeleri esasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan - Eýran: döwletara hyzmatdaşlygy dostluk, özara hormatlylyk we ikitaraplaýyn bähbitlik ýörelgeleri esasynda

view-icon 3068
Türkmenistan - Eýran: döwletara hyzmatdaşlygy dostluk, özara hormatlylyk we ikitaraplaýyn bähbitlik ýörelgeleri esasynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn ýola goýlan we giňişleýin ösdürilýän hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Milli Liderimiziň Eýrana saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giň ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ykdysady pudaklarda üstünlikli we netijeli ösüşleri birnäçe gezek nygtaldy.

Taraplar netijeli we köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny birek-birege bildirdiler.

Gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer babatda hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Bu ugurda ylym we bilim pudagynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin anyk ädimler ätmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Hususan-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasyndaky  hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersiteti arasynda bilim babatda özara düşünişmek hakynda  Ähtnama gol çekildi

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlar biziň geljegimiz we ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanda uly üns berilýär.

Türkmenistanda gazanylýaan üstünlikler ýaş nesliň bagtly durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Medeni we ynsanperwerlik pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde bu ugurdaky meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ikitaraply duşuşyklaryň dowamynda bilim, ylym, medeniýet babatda baglanyşyklary çuňlaşdyrmaga, şeýle hem köpçülikleýin maglumat serişdeleriniň, ylmy edaralaryň, döredijilik toparlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda ýakyn medeni we ylmy ylyşyklary ýola goýulýar, türkmen we eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlary we forumlar guralýar.

Medeniýet günleri, amaly sungat sergileri we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

Dostluk, birek-birege hormat goýmak we özara ylalaşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gepleşikler hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berýär we türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmaga goşant goşýar.