Ï “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar

view-icon 23478
“Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, gadymy dilini, taryhyny, meşhur alymlaryň, beýik şahyrlaryň ömrüni we döredijilik ýoluny öwrenmek, halka ýetirmek, dünýä ýaýmak babatynda ägirt uly taryhy işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň” taýýarlanylýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Akyldar şahyrymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýan bu ensiklopediýa taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar. 

Türkmen halkynyň üç ýüz ýyla golaý wagt bäri gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen öz halkynyň adyny dünýä ýaýan beýik akyldar şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» sanly we neşir görnüşde taýýarlamak esasy öňde goýlan wezipeleriň biridir. Ensiklopediýa şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda Magtymguly Pyraga goýýan  beýik hormaty bilen açylýan ensiklopediýanyň esasy düzümini akyldar şahyryň eserleriniň golýazmalary, käbir goşgularyna berlen düşündirişler, şahyryň döredijiliginiň türkmen dili we edebiýaty nukdaýnazaryndan öwrenilişi babatyndaky maglumatlar düzýär. Şeýle hem onda Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň meşhur wekilleriniň döredijiliginden täsirlenişi, akyldar şahyryň edebi-döredijilik mekdebi, dini-ahlak garaýyşlary, okan medreseleri hem-de syýahat eden ýerleri baradaky maglumatlara giňden orun berilýär. 

Magtymguly Pyragy diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiliginde döredijiligine ylmy nukdaýnazardan seljerme bermek maksady bilen ýüzlenilen beýik söz ussatlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, bu ensiklopediýa Pyragynyň edebi mirasyny öwreniji rus, iňlis, pars, türk, özbek, täjik, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, tatar, garagalpak alymlarynyň alyp baran ylmy-barlag işleri hem-de öwreniji alymlar hakdaky maglumatlary hem öz içine alýar. 

Magtymgulynyň şygyrlary dürli ýyllarda dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip gelinýär. Şahyryň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlara türkmen we daşary ýurt dillerindäki sözlüklerde, ensiklopediýalarda hem giňden orun berilýär. Şeýle bolansoň, akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlanylan türkmen we daşary ýurt dillerindäki neşir işleriniň, metbugat sahypalarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen ylmy, ylmy köpçülikleýin makalalaryň neşir görkezijisi hem bu ensiklopediýada öz beýanyny tapýar. 

Şahyryň sungat eserlerindäki keşbi, akyldar şahyra bagyşlanylan kino, opera we drama eserleri, onuň goşgularynyň bagşyçylyk sungatyndaky orny baradaky bölümler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Magtymguly Pyragynyň  adynyň ebedileşdirilişi bilen bagly maglumatlar has gyzyklylygy hem-de giň ýaýrawy bilen haýrana goýýar. Şahyryň çekilen suratlary, haly portretleri, heýkeltaraşlyk sungatyndaky keşbi, ady dakylan edara-kärhanalar, etraplar, obalar, muzeýler, seýilgähler, köçeler ýaly maglumatlar Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilişi babatynda hem dünýäniň meşhur söz ussatlarynyň iň öňdäkileriniň hataryna çykjakdygyna ynamy döredýär. 

Ensiklopediýada ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň – umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiliginiň Watan, il-halk, dost-doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek baradaky parasatly pikir-garaýyşlary, kämil ynsan, kämil jemgyýet baradaky öňe süren ideýalarynyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen möhüm ugurlary özünde jemleýän taglymatdygyny doly şöhlelendirmek maksat edinilýär.

Ýokarda agzalanlardan mälim bolşy ýaly, “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy hakyndaky giň möçberli maglumatlaryň özara baglanyşygyny döredýär we  olary bir ýere jemleýär.